SOŇKY HABARLAR
WENADA TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ 10 ÝYLLYGY BELLENILDI
2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy bu jemgyýet bilen bilelikde döredijilik agşamyny geçirdi. Çäräniň hormatly myhmanlary hökmünde Awstriýanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, Wenada şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri, bu ýurduň işewürleri, Wena diplomatik akademiýasyny...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ WE PREZIDENT ILHAM ALIÝEWIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Irden Azerbaýjanyň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Azer...
AŞGABATDA ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-AZERBAÝJAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň çäginde iki ýurduň ýolbaşçylary türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de, halkara we sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplaryň aýratyn ünsi Türkmenistanyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ ÝOKARY KOMISSARYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary jenap Lamberto Zanniýeri kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy a...
ÝEWROPA BILELEŞIGI - MERKEZI AZIÝA: GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ TÄZE STRATEGIÝASY
23-nji noýabrda Brýusselde Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Bu waka bäş ýurdy – Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de Özbegistany birleşdirýän sebit boýunça Ýewropa Bileleşiginiň täze strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna bagyşlanan gepleşikleriň, mejlisleriň we beýleki çäreleriň tapgyrynda möhüm sepgit bolar. Ministrler duşuşygynyň öň ýanynda bu döwletlere wekilçilik edýän žurnalistler üç...
AŞGABATDA ILAT GAZNASYNYŇ ÄHLUMUMY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Ilat gaznasynyň “Saýlamak hukugynyň güýji: köpelmäge hukuklar we demografiýa çemeleşmesi” ady bilen Ählumumy hasabat — 2018-iň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýyl Ählumumy hasabat...
DÜNÝÄNIŇ NEBITGAZ BAZARYNYŇ ÖSÜŞ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün paýtagtymyzda geçýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” forumyň çäklerinde mowzuklaýyn maslahatyň jemleýji güni boldy. Oňa Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, BAE-niň, Malaýziýanyň we Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de GDA-nyň ýurtlarynyň döwlet düzümleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, nebitgaz we hyzmatlar kompaniýalarynyň, iri abraýly guramalaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar be...