SOŇKY HABARLAR
TUNIS RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Mohamed Ali Şihi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýarlygyny belläp, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslah...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE MONGOLIÝANYŇ ILÇISI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze bellenen, Türkmenistana öz ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Luwsan Battulga (oturýan ýeri Astana) bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny geljekde işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň abraýly halkara guramalaryň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejedäki ähmiýetini hem-de döwlet Baştutanlarynyň birek biregiň ýurduna amala aşyrýan saparlarynyň aýratyn möhümdigini belläp geçdiler. Şeýle hem, gepleşikleriň dowamynda wekiliýet ýol...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY
2018-nji ýylyň 6–8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak bilen...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi. Myhman wagt tapyp, kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda türk tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydygy tassyklanyldy, bu hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA AGYR ATLETIKA FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) ýolbaşçysy Tamaş Aýany kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, oňa Ýer ýüzüniň iň güýçli türgenlerini paýtagtymyzda jemlän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýadygärlik nyşanyny gowşurdy. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de beren ünsi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, şu günler Agyr atletika boýunça dünýä çempion...
2018-NJI ÝYLYŇ DÜNÝÄ BIRINJILIGINIŇ TÄZE BAÝRAK EÝELERI
Şu gün Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýaryşlaryň sekizinji güni tamamlandy, onda erkekleriň arasynda 102 kilograma çenli hem-de zenanlaryň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejelerde ýeňijiler belli boldy. Ildeşimiz Aýsoltan Toýçyýewa B toparçada itekläp götermek görnüşinde hem-de çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orny we birbada götermekde dördünji orny eýeledi. Toparçada öňdäki orna mynasyp bolan Rauşan Meşithanowa (Gazagystan) itekläp götermekde 108 kilogram agramyň hötde...