SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK KORPUSYŇ WEKILLERINIŇ AHAL WELAÝATYNDA ÝERLEŞÝÄN DÜZEDIŞ EDARASYNA SAPARY
2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Rumyniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň, ÝHHG-nyň Merkeziniň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň wekilhanalarynyň baştutanlary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasyna tanyşlyk sapary bilen bardylar. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KUBA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Niewas Portuondonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyklaryň ähmiýetleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Kubanyň BMG-niň çäklerinde biri-biriniň öňe sürýän tekliplerini goldaýandyklary bellenilip geçild...
DÜNÝÄ ÇEMPIONATY — 2018 TÄZE REKORDLAR BILEN BEGENDIRMEGINI DOWAM ETDIRÝÄR
Ýurdumyzda dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna erkekleriň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edýän, 2017-nji ýylyň dünýä çempionatynyň baýragyny alan Rejepbaý Rejebow wekilçilik etdi. Ildeşimiz birden götermekde ilki 160 kilogramy ýokaryk galdyrmaga meýil bildirip, bu işiň hötdesinden ynamly geldi. Emma türkmen türgeni ikinji synanyşykda 166 kilogramlyk ştangany ýokary galdyran mahalynda onuň elinden sport enjamy sypdy. R....
BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝA SEBITI BOÝUNÇA MÜDIRI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri we Ýewropada bosgunlaryň we migrantlaryň meseleleri boýunça ýörite utgaşdyryjysy hanym Afşan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen hökümeti we ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlyklary boýunça 2016-2020-nji ýyllardaky döwri üçin Dö...
GAMBURGDA “MARGIANA -TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY” ATLY SERGISI
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiki sergisiniň açylyşy boldy. Açylyş dabarasyna 400 golaý adam gatnaşyp, olaryň arasynda Gamburg şäheriniň medeniýet boýunça edarasynyň, nemes muzeýleriniň ýolbaşçylary, Gamburgda akkreditirlenen diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, Germaniýanyň ylym gurşawlarynyň wekilleri, german jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem türkmen diaspor...
AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA DÜNÝÄ REKORDLARY GOÝULDY
Türkmen paýtagtynda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda üç agram derejesinde ýeňijiler kesgitlenildi. Eminler toparynyň çözgüdi esasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa onuň hakykatdan-da mynasyp bolan iki kümüş medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de itekläp götermekde 104 kilogram we jemi 179 kilogram netijesi üçin ýaşlaryň arasynda goýan iki rekordy hasaba alyndy. Halkara Agyr atletika federasiýasynyň jogapkär wekilleri...
ASTANADA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde GDA-nyň agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň aktual meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Giňişleýin düzümde geçirilen mejlisiň gün tertibinde 15 sany dürli ulgamlarda hyzm...