SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 9–10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji halkara maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen brifing geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODYŇ GURLUŞYGYNYŇ BARŞY BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, şol ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň — Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu maýa goýum taslamasy Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädimdir. Pudagy diwersifikasiýa ýoly...
“AŞGABAT” MYHMANHANASYNDA GIŇ MÖÇBERLI BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI
Şu gün “Aşgabat” myhmanhanasynda giň möçberli baýramçylyk çäresi geçirildi. Paýtagtymyzyň häkimliginiň guran çäresiniň maksatnamasy şatlykly wakalara baý boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň estrada ýerine ýetirijileri, teatrlaryň artistleri, tans toparlary çykyş edip, çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. Myhmanhananyň göwnejaý derejede bezelen zalynda bagtyýar çagalaryň gülküsi belentden ýaňlandy. Olar guralýan çärelere uly joşgun bilen gatnaşdylar. Bezegli arçanyň töwereginde ýaýbaňlandyry...
TÄZE ÝYL DABARALARY WATANYMYZYŇ ÝAŞ NESILLERINIŇ BAGTYÝARLYGYNY ARTDYRÝAR
Şu gün Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň açylmagyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Dabara tamamlanandan soňra, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň mekdep okuwçylary Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugradylar. Şu ýyl 7 müňden gowrak okuwçyny kabul etjek Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň 14-sinden başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýän sagaldyş merkezleriniň 5-si körpeleriň 1...
ÝAŞ TÜRKMENISTANLYLARA HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÄZE ÝYL SOWGATLARY GOWŞURYLDY
Şu gün, täze ýylyň ilkinji güni Söwda-senagat edarasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda ýola goýlan asylly däbe görä, Döwletliler köşgüniň çagalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli barada ýadawsyz alada milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bagtly çagalygy üpjün etmek, olaryň sazlaşykly ösmegi, bilim we terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek meselelerine aýr...
TÜRKMENISTANLYLAR 2019-NJY ÝYLY GÜLLÄP ÖSÝÄN WATANA BUÝSANÇ BILEN GARŞYLADYLAR
Türkmenistanlylar Täze, 2019-njy ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçen 2018-nji ýyly uly hormat bilen tamamlady, ol unudylmajak aýdyň wakalara, täze üstünliklere beslendi. Ministrler Kabinetiniň 28-nji dekabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda ýerine ýetirilen işleri gysgaça jemläp, oňa oňyn baha berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY
Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! Şanly wakalara beslenen 2018-nji — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýyl tamamlanyp barýar. Biz ata Watanymyzyň berkararlygyny, merdana halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylan 2018-nji ýyl bilen hoşlaşýarys. Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine ýetirjek 2019-njy ýyly uly umyt hem-de şatlyk bilen garşylaýarys. Täze, 2019-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça doňuz ýyl...