SOŇKY HABARLAR
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birnäçe möhüm çärelere, hususan-da birinji Hazar ekologik sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu mejlis ilkinji gezek ýörite myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriler. mfa.go...
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. mfa.gov.tm
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi we Hazar ekologik sammiti ýaly ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar. mfa.gov.tm
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2026-njy ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birnäçe duşuşyklara we medeni-ynsanperwer ugur boýunça çärelere gatnaşar. mfa.gov.tm
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşyga agza döwletleriň özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli çärelere gatnaşar. mfa.gov.tm
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýokary derejeli çäreleriň, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň, ilkinji Hazar ekologiýa sammitiniň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi me...
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. mfa.gov.tm