RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Iýul

PEKINDE “AMUL-HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI

3 – nji iýulda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynda Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä HHR-yň şahsy telekeçilik Halkara edarasynyň prezidiumynyň başlygy Wan Ýango, Hytaýyň habarlar internet Merkeziniň baş redaktory Waý Ýun, China News Service habarlar agentliginiň habarçylary, “Ženmin žibao”, “Sinhua”, Hytaýyň Halkara radiosy, «CGTN-Русский» Halkara telekanaly ýaly Hytaýyň esasy köpçülikleýin habar be...

DOWAMY
pic
3 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUMYNIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Meleşkanu kabul etdi.  Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Rumyniýanyň oňyn syýasaty hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary bilen tutuş dünýäde meşhur bolan Türkmenista...

DOWAMY
pic
3 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AWSTRIÝADA IŞ SAPARYNDA BOLDY

2018-nji ýylyň 2-3-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýeti Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Fedotow, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktory Ýukiýa Amano, Ýadro ýaraglaryny synag etmegi düýbünden gadaga...

DOWAMY
pic
2 Iýul

TÜRKMENISTAN WE RUMYNIÝA AŞGABATDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER

2018-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Rumyn tarapynyň wekiliýetine bu ýurduň Daşary işler ministri Teodor Meleşkanu ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar ähli ugurlarda, ýagny özaragatnaşyklaryň syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomati...

DOWAMY
pic
30 Iýun

ÝURDUMYZYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMA GATNAŞAR

2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hasabat bilen çykyş edip, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bu forum şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu aýda 2019 - 2021-nji ýyl...

DOWAMY
pic
26 Iýun

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA GEŇEŞI TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLANGYJY BILEN BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI

2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Şweýsariýanyň Ženewa ş. geçirilýän 28-nji sessiýasynda  medeni hukuklara ählumumy  hormat goýulmagyna ýardam etmek maksady bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasynyň goranylmagyny höweslendirmek hakynda Bilelikdäki beýannamany kabul etdi. Bu Bilelikdäki beýannamanyň Türkmenistan bilen bilelikde awtordaşlary bolup 24 sany döwlet çykyş etdi – Owganystan, Albaniýa, Ermenistan, Bangladeş, Belarus, Gruziýa, Eýran Yslam...

DOWAMY
pic
20 Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdiler. Türkmen we pakistan halklaryny birleşdirýän dostlugyň mizemezligi, çuňňur taryhy kökler, medeniýetleriň ýakynlygy şol gatnaşyklaryň mäkäm binýa...

DOWAMY