RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Apr

Türkmenistan – ÝHHG: häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmakda hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki zaman dünýäsinde ekstremizmiň we radikalizmiň howplaryna garşy göreşmäge köptaraplaýyn çemeleşmeler meselesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan çärä gatnaşmaga Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de terrorçyly...

DOWAMY
pic
31 Mar

Seulda türkmen-koreýa gepleşikleri geçirildi

Koreý tarapynyň çakylygy boýunça 2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine resmi sapary amala aşyryldy. Saparyň çäginde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri hanym Kan Gýon Hwa bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna garadylar we olaryň ýokary depgin bilen ösýändigini bellediler. Şeýle hem syýasy gatnaşyklary berkitmegiň, s...

DOWAMY
pic
9 Mar

Döwlet Baştutanymyz Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlary amala aşyrar

9-njy martda geçirilen Hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýakyn wagtda meýilleşdirilen resmi saparlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatla...

DOWAMY
pic
8 Mar

Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çägindäki ugurlary boýunça wagyz-nesihat çäresi

Şu gün paýtagtymyzdan Aşgabat — Türkmenabat — Kerki aralygynda wagyz-nesihat demir ýol ulagy dört günlük ýola düşdi. “Arkadag gurduran polat ýollary — Beýik döwrümiziň Ýüpek ýollary” atly wagyz ediş çäresine döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryna bagyşlanylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilnamasynyň çäklerin...

DOWAMY
pic
4 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Garagum sährasy boýunça sport awtomobilinde ýöriş etdi

2018-nji ýylyň 4-nji martynda sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, asylly däbe görä, boş wagtynda sport bilen meşgullanýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen sport awtomobilinde Garagum sähralyklaryna çykdy. Awtomobil ýörişinde Mejlisiň deputaty, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow hem döwlet Baştutanymyzyň ýanynda boldy. Yzygiderli ýagan ýagyşdan soňra sahawatly Günüň nury tyllaýy öwüşginleri bilen Garagum sährasyna gaýtalanmajak gözellik çaýdy. Sazak...

DOWAMY
pic
3 Mar

Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2018-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de milli Liderimiziň köpugurly işine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen eziz Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda bi...

DOWAMY
pic
23 Few

В Марыйском велаяте и афганском Герате дан старт строительству транснациональных новостроек

23 февраля 2018 года в Серхетабатском этрапе Марыйского велаята и в афганском городе Герат состоялись торжества по случаю старта нового этапа строительства газопровода Туркменистан-Афганистан-Пакистан-Индия (ТАПИ), закладки линий электропередачи и оптико-волоконной связи по маршруту Туркменистан-Афганистан-Пакистан (ТАП), а также ввода в эксплуатацию железной дороги Серхетабат-Тургунди. В церемониях приняли участие Президент Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов и прибывшие в нашу страну Прези...

DOWAMY