TÜRKMENISTANYŇ ÖZBEGISTANDAKY ILÇIHANASY BITARAPLYGYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TELEKÖPRI ARKALY TEGELEK STOL GEÇIRDI

2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda ýurdymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Ürgenç döwlet uniwersiteti bilen teleköpri arkaly tegelek stol duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Ilçihananyň işgärleri, Ürgenç döwlet uniwesitetiniň ýolbaşçylary, ylmy işgärleri, mugallymlary we türkmenistanly talyplary gatnaşdylar.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda Ilçi şu ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli maslahatyň taryhy ähmiýetini tegelek stola gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş eden Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesi bilen tutuş türkmen halkyny gutlady we bu senäniň diňe bir sebit üçin däl-de, eýsem bütün dünýä üçin uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap geçdi.