RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Ýan

TÜRKMENISTANLYLAR 2019-NJY ÝYLY GÜLLÄP ÖSÝÄN WATANA BUÝSANÇ BILEN GARŞYLADYLAR

Türkmenistanlylar Täze, 2019-njy ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçen 2018-nji ýyly uly hormat bilen tamamlady, ol unudylmajak aýdyň wakalara, täze üstünliklere beslendi. Ministrler Kabinetiniň 28-nji dekabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda ýerine ýetirilen işleri gysgaça jemläp, oňa oňyn baha berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýş...

DOWAMY
pic
31 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY

Eziz watandaşlar!  Mähriban halkym! Şanly wakalara beslenen 2018-nji — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýyl tamamlanyp barýar. Biz ata Watanymyzyň berkararlygyny, merdana halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylan 2018-nji ýyl bilen hoşlaşýarys. Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine ýetirjek 2019-njy ýyly uly umyt hem-de şatlyk bilen garşylaýarys. Täze, 2019-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça doňuz ýyl...

DOWAMY
pic
31 Dek

TÜRKMENISTANYŇ BAÝDAGY WE HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ KITABY HALKARA KOSMOS STANSIÝASYNDA

Russiýaly kosmonawt, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany we Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeniniň eýesi, Türkmenistanda doglan, häzirki döwürde Halkara kosmos stansiýasyndaky missiýa ýolbaşçylyk edýän Oleg Kononenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gutlag iberdi. Milli Liderimizi we ähli türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlap, kosmonawt Halkara kosmos stansiýasynda Türkmenistanyň baýdagyny we döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyny...

DOWAMY
pic
28 Dek

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BAŞ ARÇANYŇ ÝANYNDAKY DABARALARA GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalaryň şatlygyny paýlaşdy.  12 gatly belent ýaşaýyş jaýynyň beýikligindäki uly Täze ýyl daragty örän köp sanly ýaşajyk arçajyklardan ýygnalyp, şonuň bilen birlikde, ýurdumyza demirgazykdaky Aýazbabadan özüniň günortadaky kärdeşi bolan biziň Aýazbabamyza salam hökmünde...

DOWAMY
pic
28 Dek

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÝYL GUTLAGLARYNY KABUL ETDI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nurana, şatlykly we hemmeler tarapyndan söýülýän Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi.  Ýygnananlar — Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçjek 2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden...

DOWAMY
pic
28 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky iň soňky mejlisini geçirdi. Onda 2018-nji ýylyň deslapky jemleri jemlenildi.  Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň 51-siniň hem-de dürli döwlet ýygnaklarynyň 41-siniň geçirilendigini aýtdy. Daşary syýasat işleri bilen baglylykda, daşary ýurtlara saparlaryň 10-sy hem-de beýleki döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň ýurdumyza saparla...

DOWAMY
pic
27 Dek

TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MÖHÜM UGURLARY BOÝUNÇA OKUW MERKEZI AÇYLDY

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň açylmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Täze merkeziň döredilmegi baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 20-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasaty bin...

DOWAMY