SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, emele gelen gatnaşyklaryň, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga özara gyzyklanmany tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary we hökümetara derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ýola...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ýetip gelýän täze, 2019-njy ýyl bilen gutladylar we berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda hem-de türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan bilelikdäki işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Prezidentler şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulý...
SEÝDINIŇ NEBITI GAÝTADAN IŞLEÝÄN ZAWODY ÝYLLYK TABŞYRYGY ARTYGY BILEN ÝERINE ÝETIRDI
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2018-nji ýyly nebit önümleriniň nobatdaky tapgyryny eksporta ugratmak bilen jemleýär. Nebit önümlerini öndürmegiň ýyllyk tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirilip, olaryň aglaba bölegi eksporta iberildi. Ýylyň dowamynda bu ýerde ýarym million tonnadan gowrak awtomobil benzini, dizel ýangyjy, mazut we ýol bitumy öndürildi. Giç nebitiň we gaz kondensatynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ýokary hilli nebit önümleri alyndy. Baryp geçen asyryň 90-njy ýyllar...
“LEBAP” TOPARY FUTBOL BOÝUNÇA ÝETGINJEKLERIŇ ARASYNDA TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONY BOLDY
Paýtagtymyzyň Gökje ýaşaýyş jaý toplumynyň stadionynda 2002-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda milli birinjiligiň final oýny geçirildi. Onda “Lebap” futbol kluby çempion adyna mynasyp boldy. Gündogar welaýatyň türgenleri ýurdumyzyň sebitlerine we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän ýedi toparyň arasyndan saýlanmagy başardy. Bijä görä “A” toparda Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam 2”, Ýaş olimpiýaçylar çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň “ÝaOÇÝeSM”, Futbol sport mekdebiniň “FSM” we Ahal wela...
AZYK BOLÇULYGY OBASENAGAT TOPLUMYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAGYŇ BAŞ MAKSADYDYR
20-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2019-njy ýylda yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeleriň esasylary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny depginli ösdürmegiň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ösüşiň durnukly ýokary depginini saklamakdan, halkara we sebit ähmiýetli giň gerimli hem-de aýratyn iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirm...
TÜRKMENBAŞYNYŇ DEŇIZ PORTUNYŇ IŞI ROWAÇLANÝAR
Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty Türkmenistanyň häzirki ulag düzüminde möhüm orun eýeleýär. Şu günler gämi, ýolagçy we konteýner terminallarynda ýolagçylar hem-de ýükler gije-gündiziň dowamynda ugradylýar. Täze ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň deňiz derwezesinden Ro-Pax derejeli “Berkarar” we “Bagtyýar” gämileriniň hazarýaka portlaryna daşaýan ýolagçylary hem-de ulag serişdeleri barha artýar. Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portundan üstaşyr geçýän ýükleriň möçberi-de köpelýär. Portuň gämi duralgal...
PUDAKLAÝYN FORUMLAR — 2018: «AÇYK GAPYLAR» WE OŇYN BITARAPLYK SYÝASATY
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Bu Kararnamalar 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasynda möhüm orny eýeleýän Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, milli Lid...