SOŇKY HABARLAR
PUDAKLAÝYN FORUMLAR — 2018: ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ GAZANANLARY WE GELJEGI
Geçen duşenbe güni, 17-nji dekabrda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara derejeli pudaklaýyn işewür forumlaryň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz dünýä bileleşiginde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak, milli ösüşde üstünlikli we gazanylanlary dünýä ýaýmak, daşarky bazarlara ýurdumyzyň harytlaryny çykarmak hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak üçin sergi-kongres...
TÜRKMENISTAN BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ OWGAN UGRUNY DIKELTDI
Şu gün paýtagtymyza ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, “Lazurit” (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ugry boýunça ilkinji synag gatnawyny amala aşyrýan ýük ulaglar kerweni geldi. Mälim bolşy ýaly, 13-nji dekabrda ýükli ulag kerweni Owganystanyň Hyrat şäherinden öz ýoluny başlady. 10-njy dekabrda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu ugur boýunça ilkinji ýü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WIDEOŞEKILLI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri, türkmenistanlylaryň abadan durmuşy, döredijilikli zähmeti üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen...
ÝURDUMYZYŇ WELAÝATLARYNDA WE PAÝTAGTYMYZDA TÄZE ÝYL ARÇALARYNYŇ YŞYKLARY NUR SAÇDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda asylly däbe öwrülen belent başly Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada oturdylan iň belent arçada geçirildi. Bu ýerde Täze ýyly garşylamak dabaralary ýaýbaňlandyrylýar. Paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşen bu meýdança, hakykatdan-da, ertekilerdäki ýaly täsin görnüşi emele getirdi. Belent başly Täze ýyl arçasynyň...
AŞGABATDA TÜRKIÝÄNIŇ EKSPORT HARYTLARYNYŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlary gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu dabara Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, Türkiýe Respub...
TÜRKMENISTANYŇ ULAG GEÇELGELERI — GEOYKDYSADY GIŇIŞLIKDE HYZMATDAŞLYGYŇ ÝOLY
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy dekabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk ýörelgelerinde guralýar diýip belledi. Milli Liderimiz halklarymyzy gadymdan gözbaş alýan doganlyk hem-de birek-biregi hormatlamak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary de...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Garnik Badalýany kabul etdi. Оl döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýanyň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmeg...