RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UKRAINANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ukrainanyň Daşary işler ministriniň geňeşçisi Wiktor Anatolýewiç Maýkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ukrain wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen tarapyny Halkara Bitaraplyk gününi bellemegi bilen gyzgyn gutlady. Türkmen tarapy öz gezeginde hormatly geňeşçä baýramçylygy bellemek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny bild...

DOWAMY
pic
12 Dek

HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE DÖREDIJILIK SOWGADY

Şu gün paýtagtymyzyň Mejlisler merkeziniň sahnasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert boldy.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen bu baýramçylyk aýratyn döwlet we halkara ähmiýetine eýedir hem-de Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň ýokary netijesine şaýatlyk edýär.  Konserte tomaşa e...

DOWAMY
pic
12 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BITARAPLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY

Şu gün Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dabaraly çäreler geçirilip, olaryň esasysy türkmen paýtagtynda boldy. Bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.  Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz ählumumy parahatçylygy...

DOWAMY
pic
12 Dek

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

Mähriban halkym!  Eziz watandaşlar!  Sizi ýetip gelen uly baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!  Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz bolsa ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalanmagy üçi...

DOWAMY
pic
11 Dek

ABŞ-NYŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler. Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýyň...

DOWAMY
pic
11 Dek

HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY

2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan "Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary" atly halkara ylmy maslahaty we serginiň açylyş dabarasy boldy. Maslahata Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlar...

DOWAMY
pic
11 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDIRIÝETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GURALDY

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy hanym Aşita Mittalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk gurnaldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň neşelere we jenaýatalara garşy göreşmek müdüriýetiniň sebit ýolbaşçysyna, Bitaraplygyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän çärelere gatnaşmaklyga çakylygy kabul edendigi we B...

DOWAMY