SOŇKY HABARLAR
BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝA SEBITI BOÝUNÇA MÜDIRI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri we Ýewropada bosgunlaryň we migrantlaryň meseleleri boýunça ýörite utgaşdyryjysy hanym Afşan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen hökümeti we ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlyklary boýunça 2016-2020-nji ýyllardaky döwri üçin Dö...
GAMBURGDA “MARGIANA -TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY” ATLY SERGISI
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiki sergisiniň açylyşy boldy. Açylyş dabarasyna 400 golaý adam gatnaşyp, olaryň arasynda Gamburg şäheriniň medeniýet boýunça edarasynyň, nemes muzeýleriniň ýolbaşçylary, Gamburgda akkreditirlenen diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, Germaniýanyň ylym gurşawlarynyň wekilleri, german jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem türkmen diaspor...
AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA DÜNÝÄ REKORDLARY GOÝULDY
Türkmen paýtagtynda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda üç agram derejesinde ýeňijiler kesgitlenildi. Eminler toparynyň çözgüdi esasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa onuň hakykatdan-da mynasyp bolan iki kümüş medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de itekläp götermekde 104 kilogram we jemi 179 kilogram netijesi üçin ýaşlaryň arasynda goýan iki rekordy hasaba alyndy. Halkara Agyr atletika federasiýasynyň jogapkär wekilleri...
ASTANADA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde GDA-nyň agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň aktual meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Giňişleýin düzümde geçirilen mejlisiň gün tertibinde 15 sany dürli ulgamlarda hyzm...
AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-OWGAN TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi. Iki döwletiň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşan Mejlisiniň gün tertibine geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň meseleleriniň giň toplumy...
AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA ILKINJI DÜNÝÄ REKORDY GOÝULDY
Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty Agyr atletika boýunça Halkara federasiýasy tarapyndan agram derejeleri özgerdilenden soňra, ilkinji gezek geçirilýändigi sebäpli aýratyn ähmiýete eýedir. Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň münberlerine eýýäm bäsleşigiň ilkinji gününden başlap köpsanly tomaşaçylar ýygnandy. Ýaryşlary “D” we “S” toparlarynda 55 kilograma çenli agram derejesindäki zenanlar başladylar. Bu agramda öňdäki orny jemi 202 kilogram agramy galdyran nigeriýaly Çika Joý Aman...
AŞGABATDA AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY DABARALY ÝAGDAÝDA AÇYLDY
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Hormat garawulynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy meýdança getirildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra sport topl...