SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler, şeýle hem sebitdäki ýagdaýy we türkmen-owgan hyzmat...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ABU-DABIDE “AGRISCAPE-2018” ATLY SERGI-MASLAHATYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 29-30-njy oktýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde Oba hojalyk toplumyna maýa goýumlary çekmeklige hem-de azyk howpsuzlygy meselelerine bagyşlanan “Agriscape” atly 2-nji sergi-maslahaty geçirildi. Sergi-maslahat BAE-niň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň ýolbaşçylygynda hem-de BAE-niň Azyk howpsuzlygy boýunça döwlet ministri Mariam Hareb Almeiriniň garamagynda Abu Dabiniň Azyk howsp...
“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI MILLI BAÝRAMÇYLYK BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli baýram – Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana hem-de türk halkyna ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar diýip, milli...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WÝETNAM SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nguen Fu Çongy Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz Nguen Fu Çonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat hem-de ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine bu jogapkärli döwlet wezipesinde üstünlik gazanmagy arzuw etdi. / Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE GFR-IŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň (Parlamentiniň) Merkezi Aziýa boýunça parlamentara toparynyň başlygy Manfred Grundyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar, üstünlikli ösýän türkmen-german hyzmatdaşlygynyň gidişini belläp, gejekde parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine we iki ýurduň deputatlarynyň arasyndaky özaragatnaşykla...
TÜRKMEN – AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI TAMAMLANDY
2018-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň DIM-niň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri dowam etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak, energetika, suw hojalygy we sebitleýin integrasiýasy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara aly...