RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TATARYSTAN RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY

2018-nji ýylyň 6-njy iýulynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Üç sagatdan soň Prezidentiň uçary Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystanyň döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazanyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde türkmen Liderini Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow mähirli garşylady. Bu sapar Tatarystanyň...

DOWAMY
pic
6 Iýul

TÜRKMENISTANDA ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA 2018-2022-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek we çagalaryň abadançylygyny üpjün etmek üçin Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi.   Mejlisiň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) wekilhanasynyň Türkmenistandaky baştutany Şahin Niloferiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti,...

DOWAMY
pic
5 Iýul

ŞWEÝSARIÝADA TÜRKMENISTANYŇ HALKARA GURAMALARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 4-5-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýet Ženewa şäherinde iş saparynda boldy. Bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaerowa, Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ilçi Robertu Azewedu, Parlamentara Birleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong, Halkara Gyzy...

DOWAMY
pic
5 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “AMUL-HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda (Turkmen Desert Race) “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň geçirilmegine görülýän taýýarlyga bagyşlanyp brifing geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler we Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasy bilelikde gurnadylar. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara gura...

DOWAMY
pic
4 Iýul

PEKINDE “AMUL-HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI

3 – nji iýulda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynda Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä HHR-yň şahsy telekeçilik Halkara edarasynyň prezidiumynyň başlygy Wan Ýango, Hytaýyň habarlar internet Merkeziniň baş redaktory Waý Ýun, China News Service habarlar agentliginiň habarçylary, “Ženmin žibao”, “Sinhua”, Hytaýyň Halkara radiosy, «CGTN-Русский» Halkara telekanaly ýaly Hytaýyň esasy köpçülikleýin habar be...

DOWAMY
pic
3 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUMYNIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Meleşkanu kabul etdi.  Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Rumyniýanyň oňyn syýasaty hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary bilen tutuş dünýäde meşhur bolan Türkmenista...

DOWAMY
pic
3 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AWSTRIÝADA IŞ SAPARYNDA BOLDY

2018-nji ýylyň 2-3-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýeti Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Fedotow, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktory Ýukiýa Amano, Ýadro ýaraglaryny synag etmegi düýbünden gadaga...

DOWAMY