SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE RUMYNIÝA AŞGABATDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER
2018-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Rumyn tarapynyň wekiliýetine bu ýurduň Daşary işler ministri Teodor Meleşkanu ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar ähli ugurlarda, ýagny özaragatnaşyklaryň syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomati...
ÝURDUMYZYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMA GATNAŞAR
2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hasabat bilen çykyş edip, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bu forum şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu aýda 2019 - 2021-nji ýyl...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA GEŇEŞI TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLANGYJY BILEN BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI
2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Şweýsariýanyň Ženewa ş. geçirilýän 28-nji sessiýasynda medeni hukuklara ählumumy hormat goýulmagyna ýardam etmek maksady bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasynyň goranylmagyny höweslendirmek hakynda Bilelikdäki beýannamany kabul etdi. Bu Bilelikdäki beýannamanyň Türkmenistan bilen bilelikde awtordaşlary bolup 24 sany döwlet çykyş etdi – Owganystan, Albaniýa, Ermenistan, Bangladeş, Belarus, Gruziýa, Eýran Yslam...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdiler. Türkmen we pakistan halklaryny birleşdirýän dostlugyň mizemezligi, çuňňur taryhy kökler, medeniýetleriň ýakynlygy şol gatnaşyklaryň mäkäm binýa...
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany bilen duşuşdy
“Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany Abdulla Abdulla bilen duşuşdy. OYR-nyň ýokary wezipeli wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Ganiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollady. Be...
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik paýtagtynda geçirilýän “Durnukly ösüş üçin suw ” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmak hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bild...
Ylymlar güni mynasybetli halkara forum
Türkmen paýtagtynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe gabatlanylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara forum öz işine başlady. Maslahata ýaş türkmen alymlaryndan, mugallymlaryndan başga-da, 30-dan gowrak ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Ba...