RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Mar

Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çägindäki ugurlary boýunça wagyz-nesihat çäresi

Şu gün paýtagtymyzdan Aşgabat — Türkmenabat — Kerki aralygynda wagyz-nesihat demir ýol ulagy dört günlük ýola düşdi. “Arkadag gurduran polat ýollary — Beýik döwrümiziň Ýüpek ýollary” atly wagyz ediş çäresine döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryna bagyşlanylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilnamasynyň çäklerin...

DOWAMY
pic
4 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Garagum sährasy boýunça sport awtomobilinde ýöriş etdi

2018-nji ýylyň 4-nji martynda sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, asylly däbe görä, boş wagtynda sport bilen meşgullanýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen sport awtomobilinde Garagum sähralyklaryna çykdy. Awtomobil ýörişinde Mejlisiň deputaty, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow hem döwlet Baştutanymyzyň ýanynda boldy. Yzygiderli ýagan ýagyşdan soňra sahawatly Günüň nury tyllaýy öwüşginleri bilen Garagum sährasyna gaýtalanmajak gözellik çaýdy. Sazak...

DOWAMY
pic
3 Mar

Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2018-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de milli Liderimiziň köpugurly işine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen eziz Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda bi...

DOWAMY
pic
23 Few

В Марыйском велаяте и афганском Герате дан старт строительству транснациональных новостроек

23 февраля 2018 года в Серхетабатском этрапе Марыйского велаята и в афганском городе Герат состоялись торжества по случаю старта нового этапа строительства газопровода Туркменистан-Афганистан-Пакистан-Индия (ТАПИ), закладки линий электропередачи и оптико-волоконной связи по маршруту Туркменистан-Афганистан-Пакистан (ТАП), а также ввода в эксплуатацию железной дороги Серхетабат-Тургунди. В церемониях приняли участие Президент Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов и прибывшие в нашу страну Прези...

DOWAMY
pic
19 Few

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirlen maslahat

2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi.  Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň,  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezid...

DOWAMY
pic
31 Ýan

“Çalyk Holding A.Ş.” Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyna gatnaşar

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bellenilişi ýaly, bu gezekki duşuşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Energetika ministrligi tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça güýje...

DOWAMY
pic
18 Ýan

Parlamente we sebitleýin halk maslahatlaryna saýlanmak boýunça saýlaw toparlary döredildi

Türkmenistan—möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň—Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň öňüsyrasynda. Bu saýlawlar 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriler. Türkmenistan boýunça Mejlisiň jemi 125 deputaty saýlanylar. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 240-sy, ýagny, her welaýatda we Aşgabat şäherinde 40-sy döredildi. Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça...

DOWAMY