SOŇKY HABARLAR
Türkmen howa ýollary Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt ugry boýunça gatnawy açdy
Türkmen howa ýollary Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt-Ýerewan-Aşgabat ugry boýunça gatnawy açdy. Bu halkara gatnawy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi hem-de syýahatçylygy söýýänler we işewürler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada şu ýylyň awgust aýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda g...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegindäki Aşgabatda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijesinde kabul edilen Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň gün tertibiniň 19(i) bölüminiň resminamasy hökmünde çap edildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamany kabul etdi
2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi. Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi...
Durnukly energetika ösüşiniň meseleleri – Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň üns merkezinde
2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini “ Maýa goýumlaryny durnukly energetika geljegine gönükdirmek we daşamagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak” diýen temada dowam etdi. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň ministrler bölümi ýokary derejeli şahslar üçin energetikada durnukly maýa goýumlary ulgamynda çözgütleri kabul etmäge we energetika kärhanalarynyň ýolbaşçylary üçin syýasy mes...
Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi açyldy
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işine başlady. Maslahat Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň işine 49 sany agza döwletiň hem-de synçy ýurtlaryň ministrlikleriniň we edaralarynyň, 12 sany halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 14 sany iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle...
Aşgabatda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahaty (RECCA VII) geçirildi
2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda owgan meselesi boýunça möhüm soraglaryň çözülmegine özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamakda geljekki tagallalary birleşdirmäge, Owganystanyň parahat galkynyşy we ösüşi üçin bilelikde hereket etmäge, hem-de tutuşlygyna sebit we sebitara derejede ykdysady integrasiýany güýçlendirmäge ýardam bermegi maksat edinen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Masla...
Aşgabatda geçirilen işewürler maslahatynda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşyldy
2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Aşgabatda işewürler maslahaty geçirildi we onuň dowamynda döwlet guramalarynyň, sebit ýurtlarynyň işewürler düzümleriniň, abraýly halkara guramalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri duşuşdylar. Forum Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde taga...