Hyrat welaýatynyň sebitleýin hassahanasynyň lukmanlary Türkmenistanda saparda boldylar
2025-nji ýylyň 13-18-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Hyrat welaýatynyň sebitleýin hassahanasynyň lukmanlary saparda boldular.
Saparyň çäklerinde owgan wekiliýeti Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri hem-de türkmen lukmanlary bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar derman senagaty we saglygy goraýyş tehnologiýasy babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Owgan lukmanlary Türkmenistanda antibiotikleri öndürýän türkmen-hindi bilelikdäki zawodynda öndürilen ýokary hilli we elýeterli bahaly dermanlary Owganystana eksport etmek mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşyldy.
Taraplar türkmen öndürijileri tarapyndan Owganystany derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek mümkinçiligi barada hem durup geçdiler. Türkmen tarapy derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny öndürýän kärhanalaryň işleri barada maglumat berdi, şeýle hem bu ugurda Owganystan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.
Owgan lukmanlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdi we iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek üçin tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtady.