TÜRKMEN-BAHREÝN GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

photo

22-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň wajyplygyny bellediler. Taraplar parlamentara gatnaşyklar we olary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Bitaraplyk derejesine laýyklykda Türkmenistanyň alyp barýan sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi saklamaga uly goşant goşýan daşary syýasat işiniň wajyplygy bellenildi. Taraplar halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler. Şu ýylyň iýul aýynda geçirilen Türkmenistan bilen Bahreýniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşmeleriniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Diplomatlar Ykdysady, söwda, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-bahreýn toparynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewürler toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerine, şol sanda maýa goýumlaryny çekmek, işewürler forumlaryny geçirmek, nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garaldy.

/ Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /