HYRAT ŞÄHERINDE TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Konsullygynyň (Hyrat şäheri) binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärä Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ýerli häkimiýet edaralarynyň we ýokary okuw jaýlarynyň, söwda we maýa goýumlar palatasynyň, senagat we magdan önümleri palatasynyň, oba hojalyk önümleri palatasynyň ýolbaşçylary, owgan işewürleri, OYR-nyň DIM-niň Hyratdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, şeýle-de hyratly türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Konsuly A.Goçmyradow, Owganystanyň DIM-niň Hyratdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aminullah Azadani, Owganystanyň günbatar sebitiniň türkmenleriniň Yslam raýdaşlygy geňeşiniň ýolbaşçysy Amanullah Hakýar we başgalar çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki konsuly öz çykyşynda Türkmenistanyň bitaraplyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, Bitaraplyk syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakdaky we berkitmekdäki ähmiýeti barada aýdyp berdi. Şeýle hem günsaýyn ösýän türkmen-owgan gatnaşyklary barada bellenip geçildi.    

Myhmanlar 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni, 2021-nji ýylyň bolsa – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilendigi barada aýratyn bellediler.

Mundan başga-da, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideorolik görkezildi. Ol gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

/ 2020-nji ýyl - TürkmenistanBitaraplygyň mekany /