RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Iýul

TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR

2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilm...

DOWAMY
pic
20 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINE AGZA DÖWLETLERIŇ HEM-DE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYŇ BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň - Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeý...

DOWAMY
pic
19 Iýul

TÜRKMENISTANDA BRAZILIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY

2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkar...

DOWAMY
pic
19 Iýul

BRAZILIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Braziliýa Federatiw Respublikasynyň ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. W.Hajiýew ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň oňa diplomatik işini amala aşyrmakda goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşy...

DOWAMY
pic
19 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ RESMI WEKILIÝETINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNA SAPARY

2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň Koreýa Respublikasyna iş sapary başlandy. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Doksun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda B.Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň...

DOWAMY
pic
18 Iýul

NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ŞÄHER ULAGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli forumyň çäginde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan “Durnukly şäher ulagy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM-11) amala aşyrmakda Arkadag şäheriniň modeli” atly mowzuklaýyn çäre guraldy. Bu çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykd...

DOWAMY
pic
18 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI FORUMA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisinde çykyş etmek bilen, ministr 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçi...

DOWAMY