SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda, wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Sammitine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Minis...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şunuň bilen bilelikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde oňyn netijeler nygtaldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmekde ileri...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN HABAR
Soňky wagtda halkara habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde türkmen tebigy gazyny günbatar ugry boýunça ibermek taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada teswirler peýda bolup başlady. Gürrüň Ýewropa bazarlaryna türkmen "mawy ýangyjyny" ibermek maksady bilen, Hazar deňziniň düýbünden gaz geçirijisiniň gurluşygy barada gidýär (Hazarüsti turba geçirijisi). Uly göwrümli taslama gyzyklanmanyň şeýle “duýdansyz” ýüze çykmagy häzirki şertlerde, umuman, düşnükli hem muny düşündirip bolýa...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Mej...
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Romualdes Markosa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynany...
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Fattah Al-Sisä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Müsür Arap Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi. tdh.gov.tm
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 22-nji iýulynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň, pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, şeýle hem wideoaragatnaşyk ulgamy arka...