SOŇKY HABARLAR
«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. D...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, öz...
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly - dünýaniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna maslahat geçirildi.
2025-nji ýylyň 8-nji fewralynda Baş konsullykda Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk derejesiniň taryhy we ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Şeýle hem 2025-nji ýyl Halkara par...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi. Akihisa Nagaşima wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serda...
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa we ÝB-niň döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Owganystan boýunça ýörite wekilleriň altynjy duşuşygy geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygy we ösüşiň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady ýagdaýlar barada düýpli pikir alyşyldy. Şeýle formatda ýörite wekilleriň duşuşyklarynyň y...
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy. Mejlise YHG-e agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm...
Pakistan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly bilen geçirilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Hyratdaky täze bellenilen Baş konsuly Haýder Manawer bilen Baş konsul B.Ýolowyň arasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Baş konsullygynda geçirilen duşuşukda taraplar iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ugurlary dogrusynda gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bilelikdäki Türkmenistan-Owga...