SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Jorja Meloni birek-biregi mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkme...
Hyrat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Baş konsullyk tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda, owgan tarapy bilen bilelikde, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda Hyrat şäheriniň esasy ýollary boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurnaldy. Bu sport çäresine Hyrat welaýatynyň welosipedçileri, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri we Hyratdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda Baş konsullyk tarapyndan Bütindünýä welosiped gün...
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary guramaçylyk-protokol häsiýetli meseleleriň giň toplumy, şeýle-de BMG-niň Deňze çykalga...
Sport ulgamynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Hyrat welaýatynyň bedenterbiýe we sport müdirliginiň edara binasynda Owganystanyň sport ministriniň w.ý.ý. Ahmadulla Wasek bilen Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda tar...
Türkmenistan bilen Hytaýyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasynda, başga halkara düzümlerde we görnüşlerde bi...
“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada
2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Pekin şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi. Bu gezekki duşuşygyň gün tertibine şu ýylyň iýunynda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak girizildi....
Türkmenistanyň DIM-de HPG bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda tehniki kömek, maslahat beriş goldawy hem-de işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça gatnaş...