RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşe...

DOWAMY
pic
31 Dek

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2024-nji ýylyň 30-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna 2025-nji ýylda parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri Prezident Serdar Berd...

DOWAMY
pic
28 Dek

KHBS üçin maglumat

28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen mähirli gutlap, iň gowy arzuwlary beýan etdiler we Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge bolan özara ygrarlylygy...

DOWAMY
pic
27 Dek

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Hyrat şäherinde seminar geçirildi

2024-nji ýylyň 25-26-nji dekabry aralygynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Mary welaýatynyň sungat işgärleri (Magtymgulyşynaslar) Hyrat şäherlerinde saparda boldylar. Saparyň dowamynda, Owganystanyň Hyrat şäherinde Welaýat häkimliginiň we Türkmenistanyň Hyratdaky Baş konsullygynyň bilelikde gurnamagy esasynda, Magtymguly Pyraga bagyşlanan seminar geçirildi. Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi,...

DOWAMY
pic
27 Dek

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Täze ýylyň öňüsyrasynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Özbegistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, dostlukly ýurduň ministrlikleriniň, jemgyýetçili...

DOWAMY
pic
26 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti «Igora» gyşky sport oýunlary toplumynyň Buz...

DOWAMY
pic
20 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň çäginde Malaýziýanyň Hökümet binasynda — Perdana Putrada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi. Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, Malaýziýa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow...

DOWAMY