SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ýene-de birnäçe günden biz uly baýramy — Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçeris diýip nygtady hem-de ýygnananlary we olary...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÜRKMENISTANYŇ KATAR DÖWLETINDE (DOHA ŞÄHERI) ILÇIHANASYNY AÇMAK HAKYNDA
Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, karar edýärin: Türkmenistanyň Katar Döwletinde (Doha şäheri) ilçihanasyny açmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 9-njy dekabry. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Katar Döwletinde (Doha şäheri) ilçihanasyny açmak hakynda (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR GURBANGULYÝEWIÇ BERDIMUHAMEDOWY «TÜRKMENISTANYŇ USSAT DIPLOMATY» DIÝEN TAPAWUTLANDYRYŞ NYŞANY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ata-babalarymyzdan miras galan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly ýurdumyz dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyz...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «IŞ KESILENLERIŇ HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI GÜNÄSINI GEÇMEK HAKYNDA» PERMANA GOL ÇEKDI
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykd...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ «TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK GULLUGYNYŇ MALIÝE MESELELERI HAKYNDA» KARARA GOL ÇEKDI
“Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda” we “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenilen wezipeleri netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resmina...
DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA ÇÄRELERIŇ MEÝILNAMASY TASSYKLANDY
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ugry boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Daşary işle...
WISE-PREMÝER R.MEREDOW «TÜRKMENISTANYŇ USSAT DIPLOMATY» DIÝEN TAPAWUTLANDYRYŞ NYŞANY BILEN SYLAGLANDYRYLDY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, ýurduň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler minist...