SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY K.KOSAÇÝEWYŇ DUŞUŞYGY BARADA
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary Konstantin Kosaçýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler iň ýokary derejede ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ulgamlaýyn we dinamiki häsiýetde berkidilen ynamyň ýokary derejesini bellediler. Russiýa Fe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Alen Berse Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz jenap Alen Berse tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, täze wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň saýlanan Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI SESSIÝASYNDA TÜRKMENISTANYŇ KARARNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI
2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Baş Assambleýa Türkmenistan tarapyndan Gün tertibiň "Parahatçylyk medeniýeti" 14-nji bölümine laýyklykda hödürlenen " 2023-nji ýyl-Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly" atly Kararnamanyň taslamasyna seretdi. Türkmen wekiliýeti kararnamanyň taslamasyny hödürläp, 2021-nji ýylyň dekabrynda "Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durn...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ AZERBAÝJANYŇ MILLI MEJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. Hormatly Arkadagymyz Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp hem-de Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bild...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ MILLI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de öz kärdeşine we ähli türkmen halkyna tüýs ýü...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasyna iki günlük sapary amala aşyrýar. 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygy açmak bilen, rus daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy özara hormat goýmak,...
AŞGABATDA TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc...