SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9-njy maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady we şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy. “Wnukowo — 2” Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Prawda” we “Sowet Türkmenistany” gazetleriniň 1945-nji ýyldaky...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine hem garaldy. mfa.gov.tm
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşygy geçirildi. Bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda gepleşikler geçirildi. Prezident Emmanuel Makron belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýa gelmäge çak...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary barada
2025-nji ýylyň 5-6-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksatnamasy örän baý boldy. Pariže gelenden soňra Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň resmi wekili bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň wekili Fransiýanyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Türkm...
Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Maslahatyň dowamynda seredilen meseleler onuň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapdy. Agzalan Jemleýji resminama Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Ass...
Hyrat welaýatynyň sebitleýin hassahanasynyň lukmanlary Türkmenistanda saparda boldylar
2025-nji ýylyň 13-18-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Hyrat welaýatynyň sebitleýin hassahanasynyň lukmanlary saparda boldular. Saparyň çäklerinde owgan wekiliýeti Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri hem-de türkmen lukmanlary bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar derman senagaty we saglygy goraýyş tehnologiýasy babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Owgan lukmanlary Türkmenistanda antibiotikl...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Federal Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer birek-biregi mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Türkmen halkynyň Mil...