SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-inde «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory Tarik Mohammed Al Falahiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ulag we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ulag-aragatnaşyk baglanyşyklaryny ösdürmek babatynda port infrastrukturasyny öz içine...
Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrler derejesindäki birinji forumy geçirilýär
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy öz işine başlady. Bu möhüm köptaraplaýyn duşuşygyň maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmekden, tutuş adamzadyň nurana geljeginiň hatyrasyna häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözülmegine umumy çemeleşmeleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Giň gerimli iki günlük forumyň işine YHG-a agza ýurtlar...
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşyk hakynda
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahat...
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) sebitinde durnukly ösüş boýunça ilkinji ýokary derejeli forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadi bilen duşuşdy. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki goňşy ýurduň arasyndaky...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Arkadag şäherinde geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça Ministrler derejesindäki birinji forumynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad M. Hanyň arasynda dușuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna garadylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ädimlerini kesgitlediler. Türkmenistanyň...
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi. Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy we Türkmenistanyň Halk Masl...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Bender-Abbas portunda bolup geçen partlama zerarly öz adyndan, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan goňşy döwletiň Baştutanyna we Eýranyň halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlyk s...