SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynynyň pars dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, Arkadag şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we we...
Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi we gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýyl türki dilli dünýäde Türkmen...
Täjigistanda Magtymguly adyndaky täze mekdebiň açylyşy geçirildi
2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Täjigistan Respublikasyndaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklyk...
Türkmenistan Owganystanyň ykdysady goşulyşma proseslerine gatnaşmagyny goldaýar
2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Aşgabatda türkmen we owgan wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine bagyşlanan duşuşygy geçirildi. Owgan wekiliýetine Owganystanyň dag-magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri ýolbaşçylyk etdi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary girdi. Duşuşykda wekiliýetleriň agzalary ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda...
Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Tährana amala aşyran iş saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy. Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan, köp asyrlardan bäri...
Türkmen-eýran gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylýar
2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny EYR-nyň ýokary wezipeli resmi adamlary garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiniň söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ynanyşmak we birek-birege hormat...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada
2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ö...