SOŇKY HABARLAR
Состоялась встреча с Министром экономики ОАЭ
25 июня 2024 года состоялась встреча Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с Министром экономики ОАЭ Абдулла бин Тук Аль-Марри. В рамках встречи были обсуждены возможности дальнейшего углубления налаженных связей, озвучены конкретные предложения относительно увеличения объёмов товарооборота, расширения и диверсификации взаимовыгодного экономического партнёрства. Стороны подтвердили обоюдный настрой на активизацию двустороннего сотрудничества в торгово-экономической области...
Türkmenistanyň Owganystandaky(Hyrat.ş) Baş konsuly B.Ýolow bilen Hyrat welaýatynyň häkimi N.A.Islamjaryň arasynda duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Hyrat welaýat häkiminiň «Bage Azadi» rezidensiýasynyň binasynda Baş konsul B.Ýolow bilen Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Nur Ahmad Islamjar Türkmen tarapy bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Owganystan–Türkmenistan–Gazagystan–Hytaý ugry boýunça ýük gatnawlaryny has-da işjeňleşdirmek hem-de Owganystanyň miwe önümleriniň we gury iýmişleriniň Türkmenistana eksportyny ýola goýmaklyga owgan tarap...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala we Derbent şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren pajygaly ýaragly hüjüm zerarly gynanç hatyny iberdi. «Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet...
Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler ü...
Mejlisde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Meýbl Çinomona bilen duşuşygy geçirildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, dünýäniň...
TÜRKMENISTANYŇ OWGANYSTANDAKY BAŞ KONSULLYGY TARAPYNDAN SPORT ÝARYŞY GURALDY
2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Hyrat şäheriniň «Mirwais Sadek» sport toplumynda Baş konsullyk tarapyndan Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan edilmegi hem-de beýik türkmen şahyry we akyldary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Hyrat welaýatynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekillerinden ybarat toparlaryň arasynda futzal boýunça ýaryşy guraldy. Bu sport çäresine Owganystanyň woleýbol federasiýasynyň hem-de Hyrat welaýatynyň be...
Daşary işler ministriniň ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Söhbetdeşligiň barşynda myhmany ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen...