SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar
2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky “Arkadag” myhmanhanasyna gelip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezi...
Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkme...
Türkmenistanyň DIM-nde Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammet Bahr Al-Ulumyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, energetika we ulag pudaklarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ylym-b...
Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory Ýewgeniý Žukow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, söhbetdeşler ulag, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini, şeýle...
Belgiýanyň DIM-nde Türkmenistanyň wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan wekiliýetiniň Brýussele amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hupyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. BMG we ÝHHG ýaly halkara we sebit gurama...
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda asylly däbe görä, Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda...
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Rim şäherinde «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasy geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, hususan-da sebitleýin hem-de ählumumy durnuklylygy saklamak we...