RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Iýul

AŞGABATDA ONLAÝN-KHBS-DE IŞLEMEGIŇ BAŞARNYKLARY BOÝUNÇA TÄLIM OKUWY GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 10-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan onlaýn-KHBS-de işlemegiň başarnyklary boýunça tälim okuwy öz işine başlady. Okuwa Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şeýle hem sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de metbugatyň wekilleri gatnaşý...

DOWAMY
pic
6 Iýul

DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Federika Mogerini bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän hem-de sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmekde ÝB ylalaşdyryjylyk kuwwatyny görkezýän strategik h...

DOWAMY
pic
28 Iýun

AHALDAKY GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY

2019-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy. Dabara daşary ýurtly myhmanlar, Türkmenistandaky diplomatik korpusyň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri, syýahatçylar, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Täze senagat toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi mynasybet...

DOWAMY
pic
27 Iýun

DANIÝA PATYŞALYGYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Karsten Sendergord bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy...

DOWAMY
pic
27 Iýun

TÜRKMENISTANDA ABŞ-NYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň başynda ABŞ-nyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we wagt tapyp kabul edilenligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitm...

DOWAMY
pic
27 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝUNESKO-NYŇ HÖKÜMETARA OKEANOGRAFIKI KOMISSIÝASYNYŇ 30-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografiki Komissiýasynyň (HOK) 30-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar. 4-nji iýula çenli dowam etjek ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografiki Komissiýasynyň ýubileý assambleýasynda Komissiýanyň işi bilen baglylykdaky döwrebap meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle hem umman ylmy boýunça BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilişi, BMG we Bütindünýä meteorologiki gurama bilen hyzmatdaşlygy...

DOWAMY
pic
27 Iýun

ÝEREWANDA MAGTYMGYLY PYRAGYNYŇ 295 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY MASLAHAT WE EDEBI OKAÝYŞLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti (ÝDU) bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebinde beýik türkmen şahyry, filosofy we akyldary Magtymgyly Pyragynyň 295 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetiniň taryhynda» atly ylmy maslahat we edebi okaýyşlar geçirildi. Maslahatyň işine Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we diplomatik korpusyň wekil...

DOWAMY