SOŇKY HABARLAR
MARY ŞÄHERINDE SEBITDÄKI KIÇI SEBITLEÝIN GEŇEŞLERIŇ IŞINDÄKI MESELELER BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 25-nji iýunynda Mary şäherinde ýerleşýän Mary welaýat kitaphanasynda Merkezi Aziýada sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkeziniň “Sebitdäki kiçi sebitleýin geňeşleriň işindäki meseleler we olara ýardam bermekligi ösdürmekde hyzmatdaşlaryň orny” atly okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde Merkezi Aziýada sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkez hem-de Araly halas etmekligiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji geňeşi bilen bilelikde gural...
RUMYNIÝADA HAZAR DEŇZI – GARA DEŇZI HALKARA ULAG UGRY BOÝUNÇA HÜNÄRMEN IŞÇI TOPARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Buharestde Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda, ýük ugruny güýje girizmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag ugry boýunça hünärmen işçi toparyň dörttaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Mariýa-Magdalina Grigore, Gruziýanyň...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RAÝAT AWIASIÝASY HALKARA GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň ABŞ-daky, şol bir wagtda Kanadadaky Ilçisi M.Orazow Kanadanyň Monreal şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Ilçi Raýat awiasiýasy halkara guramasynyň Baş sekretary hanym Fan Lýu bilen bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Raýat awiasiýasy halkara guramasynyň wajyp halkara protokollaryna goşulýandygyny tassyklaýan iki resminamanyň asyl nusgasyny gowşurdy. Şeýle-de taraplar bu Guramanyň Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 24-nji...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ TÄZE WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz missiýasyna başlaýan ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze bellenilen wekili hanym Kristina Weýgand bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Hanym Kristina Weýgandy jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy çagalaryň hukuklary bilen bagly ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de goldamaga taýýardygyny beýan etdi....
BIŞKEKDE “BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY: TÜRKMEN-GYRGYZ IŞEWÜRLIK GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEK ÜÇIN MEÝDANÇA” ATLY TEGELEK STOLY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky Döwlet komitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap “Birinji Hazar ykdysady forumy: türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin meýdança” atly tegelek stoluny geçirdi....
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ KHBS-NIŇ MESELELERI BOÝUNÇA SEMINARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-niň «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygynyň kämilleşmeginde hem-de KHBS ulgamyndaky reformalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk» atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän KHBS-niň syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan okuw maslahatyna ÝHHG-niň ýolbaşçylary we we...
TÄHRANDA TÜKMENISTANYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda Tähran şäheriniň “Talar-e Wahdat” medeniýet merkezinde Tükmenistanyň Eýran Yslam Respublkasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan konsertine Türkmenistandan gelen resmi wekiliýeti, Eýranyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary guramasynyň we beýleki birnäçe edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, EYR-da akkreditirlenen diplomatik we...