RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Dek

ABŞ-NYŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler. Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýyň...

DOWAMY
pic
11 Dek

HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY

2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan "Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary" atly halkara ylmy maslahaty we serginiň açylyş dabarasy boldy. Maslahata Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlar...

DOWAMY
pic
11 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDIRIÝETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GURALDY

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy hanym Aşita Mittalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk gurnaldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň neşelere we jenaýatalara garşy göreşmek müdüriýetiniň sebit ýolbaşçysyna, Bitaraplygyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän çärelere gatnaşmaklyga çakylygy kabul edendigi we B...

DOWAMY
pic
10 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WIDEOŞEKILLI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, wajyp özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy baradaky hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.  Milli Liderimiz, ilki bilen, wideoşekilli...

DOWAMY
pic
10 Dek

MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Ihab Ahmet Nasr bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatda...

DOWAMY
pic
10 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ YNSANPERWER MESELELERI BOÝUNÇA KÖMEKÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça kömekçisi Raşid Halikowyň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň goňşy ýurtlara hem-de tebigy hadysalarynyň netijelerinde ejir çeken ýurtlara berýän kömegini belläp geçdiler, şeýle hem Guramanyň adatdan daşary hadysalara taýyn bolmak we dessine çäre görme...

DOWAMY
pic
10 Dek

ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Garnik Aleksandrowiç Badalýan bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ermenistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi. Gepleşikleri...

DOWAMY