RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BELGIÝA BILEN ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belgiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Bert Şufs bilen duşuşyk geçirildi.   Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä baýramçylyk çärelerine gatnaşýanlygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar köptaraplaýyn duşuşyklaryň çäginde ýa-da bolmagy mümkin bolan saparlaryň dowamynda 20...

DOWAMY
pic
10 Dek

DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-POLÝAK HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRMAK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak maksady bilen gelen Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) j-p Marek Ýanuş Salka bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meseleleri...

DOWAMY
pic
10 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KUWEÝT DÖWLETINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Majdi Ahmad Al Dhafiriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Birek-birek bilen salamlaşanlaryndan soň, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňe gidýän ösüşini bellediler. Muňa iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasynda bar bolan doganlyk we özara ynanyşmak gatnaşyklary, saparlar we s...

DOWAMY
pic
9 Dek

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÄZE DESGALARYŇ GURLUŞYGY BILEN TANYŞDY WE OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINE BARDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow säher bilen adaty endigine eýerip, egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Ýolugra milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze gurulýan binalar toplumynyň gurluşygynyň dowam edýän ýerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Säher bilen döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sport ulgamyna degişli täze desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Bu...

DOWAMY
pic
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça müdirliginiň başlygy j-p Takasi Ýosiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ýyl-ýyldan has-da berkeýändigini belläp geçdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine we strategiki häsiýetine hem ser...

DOWAMY
pic
7 Dek

MINISTRLER DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHAT ÖZ IŞINI TAMAMLADY

2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: hazirki we geljekki ösüşi” atly ministrler derejesindäki halkara maslahatynyň işi dowam etdirildi. Bu mejlisiň dowamynda “Taryhy menzillerden häzirkizaman awtomobil ýollaryna: Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi”, “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky umumy miras we özboluşlylyk” hem-de “Beýik Ýüpek ýolunda söwdanyň üsti bilen medeniýetiň ýaýradylmagy” atly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy....

DOWAMY
pic
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURG ŞÄHERINDE GEÇEN GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş sapary bilen boldy. Sankt-Peterburgyň halkara aeroportyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.N.Ýelsin adyndaky kitaphana bardy. Ol ýerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklygynda Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň ýygnagy geçdi. Birek-birek bilen salamlaşanlarynd...

DOWAMY