SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BITARAPLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dabaraly çäreler geçirilip, olaryň esasysy türkmen paýtagtynda boldy. Bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz ählumumy parahatçylygy...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi ýetip gelen uly baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz bolsa ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalanmagy üçi...
ABŞ-NYŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler. Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýyň...
HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan "Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary" atly halkara ylmy maslahaty we serginiň açylyş dabarasy boldy. Maslahata Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlar...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDIRIÝETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GURALDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy hanym Aşita Mittalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk gurnaldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň neşelere we jenaýatalara garşy göreşmek müdüriýetiniň sebit ýolbaşçysyna, Bitaraplygyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän çärelere gatnaşmaklyga çakylygy kabul edendigi we B...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WIDEOŞEKILLI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, wajyp özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy baradaky hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi. Milli Liderimiz, ilki bilen, wideoşekilli...
MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Ihab Ahmet Nasr bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatda...