SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ YNSANPERWER MESELELERI BOÝUNÇA KÖMEKÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça kömekçisi Raşid Halikowyň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň goňşy ýurtlara hem-de tebigy hadysalarynyň netijelerinde ejir çeken ýurtlara berýän kömegini belläp geçdiler, şeýle hem Guramanyň adatdan daşary hadysalara taýyn bolmak we dessine çäre görme...
ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Garnik Aleksandrowiç Badalýan bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ermenistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi. Gepleşikleri...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BELGIÝA BILEN ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belgiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Bert Şufs bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä baýramçylyk çärelerine gatnaşýanlygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar köptaraplaýyn duşuşyklaryň çäginde ýa-da bolmagy mümkin bolan saparlaryň dowamynda 20...
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-POLÝAK HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRMAK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak maksady bilen gelen Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) j-p Marek Ýanuş Salka bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meseleleri...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KUWEÝT DÖWLETINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Majdi Ahmad Al Dhafiriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Birek-birek bilen salamlaşanlaryndan soň, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňe gidýän ösüşini bellediler. Muňa iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasynda bar bolan doganlyk we özara ynanyşmak gatnaşyklary, saparlar we s...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÄZE DESGALARYŇ GURLUŞYGY BILEN TANYŞDY WE OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINE BARDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow säher bilen adaty endigine eýerip, egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Ýolugra milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze gurulýan binalar toplumynyň gurluşygynyň dowam edýän ýerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Säher bilen döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sport ulgamyna degişli täze desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Bu...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça müdirliginiň başlygy j-p Takasi Ýosiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ýyl-ýyldan has-da berkeýändigini belläp geçdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine we strategiki häsiýetine hem ser...