RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Dek

MINISTRLER DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHAT ÖZ IŞINI TAMAMLADY

2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: hazirki we geljekki ösüşi” atly ministrler derejesindäki halkara maslahatynyň işi dowam etdirildi. Bu mejlisiň dowamynda “Taryhy menzillerden häzirkizaman awtomobil ýollaryna: Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi”, “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky umumy miras we özboluşlylyk” hem-de “Beýik Ýüpek ýolunda söwdanyň üsti bilen medeniýetiň ýaýradylmagy” atly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy....

DOWAMY
pic
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURG ŞÄHERINDE GEÇEN GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş sapary bilen boldy. Sankt-Peterburgyň halkara aeroportyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.N.Ýelsin adyndaky kitaphana bardy. Ol ýerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklygynda Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň ýygnagy geçdi. Birek-birek bilen salamlaşanlarynd...

DOWAMY
pic
6 Dek

ÝUNESKO-NYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATYNYŇ PLENAR MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde ÝUNESKO tarapyndan "Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi" atly halkara ministrler derejesindäki maslahatynyň plenar mejlisi tamamlandy. Dünýäniň 40-а golaý ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara maslahatynyň maksady durnukly ösüşi gazanmak üçin Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini hem-de wajyplygyny görkezmekden, häzirki wagtdaky jemgyýetlerde me...

DOWAMY
pic
4 Dek

AŞGABATDA ÝUNESKO-NYŇ BILERMENLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda, ÝUNESKO hem-de beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda, “Ýüpek ýolundaky medeni hyzmatdaşlygynyň  Ýüpek ýolunuň ugrundaky sportyň we oýunlaryň adaty görnüşleri” atly mowzugyna bagyşlanan bilermenleriň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekili we ÝUNESKO-nyň wekili çykyş etdiler. Şeýle hem dabaranyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Ýüpek ýoly taslamasynyň tanyşdyryş dabarasy bol...

DOWAMY
pic
3 Dek

AŞGABATDA BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÄHMIÝETINE WE MÜMKINÇILIKLERINE BAGYŞLANAN ÝOKARY DEREJELI ÇÄRELER GEÇIRILER

2018-nji ýylyň 6–7-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti UNESKO bilen hyzmatdaşlyk esasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatyny gurnaýar. Maslahatyň işine ýokary derejeli wekilleriň gelmegine garaşylýar. Maslahatyň işi mejlisler görnüşinde geçirilip, medeniýetara gepleşikleri, parahatçylygy we 2030-njy ýyl üçin BMG-niň gün tertibini ýerine ýetirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän halklaryň...

DOWAMY
pic
1 Dek

HÖKÜMETARA TÜRKMEN-MÜSÜR TOPARYNYŇ IKINJI MEJLISI KAIRDE GEÇDI

2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Kair şäherinde Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň 11 sany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirilip, olaryň dowamynda gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alşyldy we birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Bu mejlisiň çäklerinde türkmen-müsür işewürler maslahaty hem...

DOWAMY
pic
29 Noý

TÜRKMENISTANYŇ ULAG BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING

2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Awtomobil ulaglary ministri, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekreta...

DOWAMY