SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA ILAT GAZNASYNYŇ ÄHLUMUMY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Ilat gaznasynyň “Saýlamak hukugynyň güýji: köpelmäge hukuklar we demografiýa çemeleşmesi” ady bilen Ählumumy hasabat — 2018-iň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýyl Ählumumy hasabat...
DÜNÝÄNIŇ NEBITGAZ BAZARYNYŇ ÖSÜŞ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün paýtagtymyzda geçýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” forumyň çäklerinde mowzuklaýyn maslahatyň jemleýji güni boldy. Oňa Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, BAE-niň, Malaýziýanyň we Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de GDA-nyň ýurtlarynyň döwlet düzümleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, nebitgaz we hyzmatlar kompaniýalarynyň, iri abraýly guramalaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar be...
TÄZE ELEKTRIK BEKETLERI ÝURDUMYZYŇ KUWWATYNY ARTDYRÝAR
Şu gün Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megewat bolan täze gazturbinaly elektrik bekediniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynyň kuwwatlyklary we onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak şol syýasatyň wajyp ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti birnäçe gazturbinaly elektrik beketler bilen ýetirildi. Şeýle toplumlar Ah...
AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTINIŇ SAPARY DOWAM EDÝÄR
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary dowam edýär. Türkmenistana saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy we “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdy. Soňra Prezident Ylham Aliýew paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy. Şeýle hem ol ýerlerde belent mertebeli myhman üçin ýörite tanyşdyryş dabarasy gurnaldy....
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝHHG-NIŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary (MAÝK) Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistan hem-de MAÝK-ň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belledi we ony mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Taraplar milli azlyklaryň we Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA SAPARY
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjidiň gurluşygynyň düýbini tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Owganystana bardy. Şunuň bilen birlikde, metjidiň düýbüniň tutulýan güni Akina demir ýoluna ýene 10 km gurmaklyk üçin ikinji tapgyrynyň g...
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Aşgabat şäherine resmi sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew iki ýurduň arasyndaky syýasy, ulag, energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşarlar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar. / Türkmenis...