SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly baýramçylyk ýörişiniň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň baş meýdanyndaky döwlet münberiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gysga mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan birnäçe meseleleri, şol sanda ýaňy-ýakynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleri iş ýüzünde amala aşyrmak bilen bagl...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün türkmenistanlylar özüniň esasy milli baýramy bolan Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ýadygärlik toplumynyň çäginde bina edilen, häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik orun alan, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyna eýe bolan senesini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Döwür ýurdumyzyň täze durmuşynyň başyny başlan bu taryhy senäniň ähmiýetini has äşgär açyp görke...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — täze senenamamyza laýyklykda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda ilkinji gezek giňden bellenýän Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkararlygymyzyň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr. Ata Watanymyzyň iň täze taryhy, häzirki ö...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “RÖNESANS HOLDING” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygyň 27 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady hem-de türkmen halkyna bagt we abadançylyk, mundan beýläk-de okgunly ösüş arzuw etdi. Işewüriň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy...
MILLI ÝÖRELGELER — TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BINÝADY
Şu gün paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda “Hezreti Omar” metjidiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň müftüsi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, şeýle hem hormatly ýaşulular, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygynyň öň ýanynda bolan bu waka öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiziň we däp-dessur...
ÝURDUMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖSÜŞINE GOŞANT ÜÇIN DÖWLET SYLAGLARY
Şu gün paýtagtymyzda halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, özygtyýarly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna şahsy goşant goşan ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, düzümleriň we guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň berlendigini aň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝB WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçip, taraplar energetika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň indiki ädimlerine garadylar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, taraplar Tür...