SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNESKO-NYŇ KLASTER EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster edarasynyň direktory hanym Ester Kuiş-Laroş bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda abraýly halkara guramasynyň wekili türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary haky...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýurtlar boýunça Karz bölüminiň uly geňeşçisi Kenji Hosononyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça oýlanyşykly pikir alyşmalar amala aşyryldy. Taraplar Türkmenistanyň Ýaponiýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan üstünlikli özara gatnaşyklaryň önjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan iş gatnaşyklaryň g...
AŞGABATDA “AMUL-HAZAR 2018” (TURKMEN DESERT RACE) HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MEDIA-FORUM GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda, “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) Halkara awtorallisini geçirmek bilen bagly bolup duran meseleler bilen tanyşmak maksady bilen media-forum geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Telewideniýe, Radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gatnaşmagynda gurnaldy. Forumyň işine awtoulaglar dünýäsiniň öňdebaryjy hünärmenleri...
5-NJI AWGUSTDA AŞGABATDA HALKARA MEDIA FORUMY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda Aşgabat şäherinde “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisine bagyşlanyp Media forumy geçiriler. Bu halkara Media forumyň işine dünýäniň ençeme ýurdundan iri habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, internet portallarynyň, teleýaýlymlarynyň wekilleri we sport hünärmenleri hem-de synçylary, şeýle hem Türkmenistanyň ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /
ABŞ-NIŇ KONGRESINIŇ WEKILLER PALATASYNYŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-niň Kongresiniň Wekiller palatasynyň daşary işler boýunça Komitetiniň syýasat meseleleri boýunça geňeşçisi Ewerett Praýsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler....
MILLI EKOLOGIÝA KANUNÇYLYGY KÄMILLEŞDIRMEK – TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
Daşky gurşawy we ýer serişdeleri goramak boýunça Türkmenistanyň Döwlet komitetiniň, Mejlisiň, Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň beýleki degişli edaralarynyň wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Aşgabatda 30-31-nji iýulda gurnalan okuwynyň çäginde milli ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Okuw maslahatynyň maksady daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara kanunçylyk namalary we standartlary ba...
MANAMADA TÜRKMENISTANYŇ WE BAHREÝNIŇ ARASYNDA IKITARAPLAÝYN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 31-njy iýulynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Manama şäherine geldi. Bahreýniň wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Doktor Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizilipdir. Duşuşygyň...