img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Awg

ABŞ-NIŇ KONGRESINIŇ WEKILLER PALATASYNYŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-niň Kongresiniň Wekiller palatasynyň daşary işler boýunça Komitetiniň syýasat meseleleri boýunça geňeşçisi Ewerett Praýsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler....

DOWAMY
pic
1 Awg

MILLI EKOLOGIÝA KANUNÇYLYGY KÄMILLEŞDIRMEK – TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

Daşky gurşawy we ýer serişdeleri goramak boýunça Türkmenistanyň Döwlet komitetiniň, Mejlisiň, Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň beýleki degişli edaralarynyň wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Aşgabatda 30-31-nji iýulda gurnalan okuwynyň çäginde milli ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Okuw maslahatynyň maksady daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara kanunçylyk namalary we standartlary ba...

DOWAMY
pic
31 Iýul

MANAMADA TÜRKMENISTANYŇ WE BAHREÝNIŇ ARASYNDA IKITARAPLAÝYN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 31-njy iýulynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Manama şäherine geldi. Bahreýniň wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Doktor Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizilipdir. Duşuşygyň...

DOWAMY
pic
31 Iýul

AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi.   Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we hususy düzümleriň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň gyrgyz bölegine Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri O.M.Pankratow baştutanlyk etdi.   Me...

DOWAMY
pic
31 Iýul

KIÝEWDE “AMUL – HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainanyň Prezidentiniň işleri dolandyryş Döwlet müdirliginiň ýanyndaky daşary ýurtly wekilhanalara hyzmat etmek boýunça Baş direksiýasynyň goldamagynda sentýabr aýynda geçiriljek “Amul- Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahatyny gurnady.  Ukrainanyň Prezidentiniň işleri dolandyryş Döwlet müdirliginiň media-merkezinde geçirilen çärä Kiýewde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, Ukrainanyň Ýaşlar we sport ministrliginiň, Ukrainanyň A...

DOWAMY
pic
30 Iýul

GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gazagystan Respublikasynyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Žandos Asanow bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňaýly ösýändigini belläp, taraplar halkara guramalaryň çä...

DOWAMY
pic
30 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ KOREÝA HALK-DEMOKRATIK RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda Phenýan şäherinde ýerleşýän Mansude Kongresler köşgünde Türkmenistanyň Koreýa Halk-Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ç.Rustamowa bu ýurduň Ýokary Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň başlygy Kim Ýon Nama ynanç hatlaryny gowşurdy. / Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /

DOWAMY