RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Mar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýewropa Bileleşiginiň görnükli wekilleri bilen duşuşyklary

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ykdysadyýet boýunça Ýewrokomissiýanyň ýerine ýetirinji orunbasary, Söwda boýunça ýewrokomissar Waldis Dobrowskisiň, Ýewrokomissiýanyň orunbasary Marganitis Shinasyň, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýewrokomissar Ýutto Urpilaýneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Ýewroparlamentiň Merkerzi Aziýa döwletleri we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň başlygy Tomaş Zdehowski bilen gepleşikler geçi...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk edýärler

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussel şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skug bilen duşuşdy. Söhbetdeşler Türkmenistanda we Belgiýada gezekleşip geçirilýän Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi bilelikdäki komiteti hem-de Adam hukuklary boýunça dialog ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň ähmiýetini aýratyn bellediler. O.Skug ynsan...

DOWAMY
pic
19 Mar

Ermenistanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen geçirilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Diplomatlar duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary, şeýle-de şu ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň nobatdaky ýygnagyny...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmenistan Ýewropanyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Brýusselde Ýewropanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stoluň çäginde, Türkmenistan we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy gepleşikleri dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Ýewropa guramalary we kompaniýalary bilen birnäçe aýratyn duşuşyklary geç...

DOWAMY
pic
19 Mar

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda tegelek stol

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň gatnaşmagynda Ýewropanyň işewür toparlary bilen «Türkmenistan we ÝB: täze ykdysady hyzmatdaşlyga tarap» mowzugynda tegelek stol guraldy. Çäre gibrid formatda dürli ýurtlardan 120-den gowrak wekili özünde jemledi, onda energiýa, maýa goýum we söwda ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkin...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lýuksemburgyň  Wise-premýeri, Daşary işler we daşary söwda ministri Ksawýe Betteliň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, halkara we sebit gün-tertibiniň meselelerine seredildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmegiň wajyplygy nygtaldy. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmenistanyň we Belgiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministri Hadja Lahbibiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ministrler syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşl...

DOWAMY